kalimah.top
a b c d e f g h i j k l m n o p q r s t u v w x y z 0 1 2 3 4 5 6 7 8 9 #

bu tesla feat. citi3en & swizzy347 – gorky كلمات اغاني

Loading...

söýýan’ diýsem ýalançy born’
näme üçin maňa agyr bul ýol
bilmeýän, ölümede gorky ýok

öňki ýaly bagtyma howlugamok

şul günüm az, ertirim kän ýaly
geçip giden ýaşlyk meň’ üçin gara_ak ýaly
ilkinji söýgim ýüregimde ýylgyryp duran surat ýaly
dünýäden giden dostlarym süpürýär gözüme gelende agy
ooo_oh, ooo_oh, ooo_oh, ou
sowuk ellerim öňkiden
ooo_oh, ooo_oh, ooo_oh, ou
sesim galar, a men giderin
arzuwlarymyň möhleti gutaran ýaly
seni söýüşim ýaly hiçkim söýmez meni
ýykylaryn haçanda asman alsa meni
çepe ýada saga, haýsyny saýlamaly
sorasalar göremok diý
gaty görme, keýpim ýokdy
hany dostlam’, hiçkim ýokmy?
kömek gerek, geleňzokmy?

söýýan’ diýsem ýalançy born’
näme üçin maňa agyr bul ýol
bilmeýän, ölümede gorky ýok
öňki ýaly bagta men howlugamok

dur, dymaýda şu wagt
söweşi aýyr ertire
men giderin isleseň şeýle juda
ýöne nädip çydap bilýaň, aýt?
sözleriň ok, göziň şypa
ýagyşam damjalaýar
endamym sanjylaýa
niräk ýörejegim bilemok, aljyraýan, yeah
dünýä sowuk, elleriň ýyly melhem
azat eýle meni pikirlerimden
bagyşla, bolup bilmedim saňa deň
söýgi ýok diýýäň indi
ynandyran sen dälmi özüň eýsem?
günlerim geçip dur mensiz
gursagym daralýar demsiz
söýdim bir kemsiz
söýdim bir kemsiz
soňky sapardy bu
gaýrat et, indi dolanma
gutardy barysy, gutardy ýalan oýunlaň’
günäli men boldum ýene soňunda
kalbymy sökdüň, sogurdyň
bir ýerde duş gelsek birden
tanaman geç meni
ýoluňdan sowulma

arzuwym kän
gorkymy ýitirmek däl
ýeňilmek däl
ýöne, ýeňmegem däl
aslynda goraýan bizi gorky içimizdäki
mesele ýok bolsa, diýmek mesele kän
niýetim bu tarap diýip, ol taraby ýakmak däl (n_gga)
bu taraby saldylar içine üç burçlygyň
garşysyna gidip hakykadyň
gurdylar düzgüniň ýasamasyn
ýasalmasyn, dogryny hapalamasyn
ýalan içimi gaşamasyn
tabşyramda amanadym, bolmasyn hyýanadym (n_gga)
entägem gidesim gelýär meň’ aýa
galanlaryň barysy bolypdyr zaýa
hemme kişiň inid ýüzi ýasama
niýeti soýup, çöwürmek sogana
duşman bolupdyr jigi dogana
gyzykly däl öňki edeniň
sylagy ýok, eli boş geleniňi

galaňda bolsyn içiňde gorky
däşyňdan däl, gözle özüňde howpy
birden bolaýsaň bitin iýme
gaharlansaňam etiň iýme
gorkma, ýöne ýitirme gorkyň
galaňda bolsyn içiňde gorky
däşyňdan däl, gözle özüňde howpy
birden bolaýsaň bitin iýme
gaharlansaňam etiň iýme
gorkma, ýöne ýitirme gorkyň
galaňda bolsyn içiňde gorky
däşyňdan däl, gözle özüňde howpy
birden bolaýsaň bitin iýme
gaharlansaňam etiň iýme
gorkma, ýöne ýitirme gorkyň
galaňda bolsyn içiňde gorky (gorky)
däşyňdan däl, gözle özüňde howpy (howpy)
birden bolaýsaň bitin iýme
gaharlansaňam etiň iýme
gorkma, ýöne ýitirme gorkyň (n_gga)

كلمات أغنية عشوائية

اهم الاغاني لهذا الاسبوع

Loading...