s.g.sada - akylym [ goşgy ] [ 2müň14 ] كلمات الأغنية
ýazyşan hatlarymyzam bag bolupdyr bilseň eý akylym?!
aýlandym arasynda, ýöne hiç_haýsynda saýa ýok
başlary egilen, ýöne hiç_haýsynda miwe ýok
kä wagt daragyt ösenok eken, bolsada kök
gök dur asmanymyň ýüzem indi bulutly
gör indi bilseň dury suwmyzam bulandy
älemgoşar çykypdyr, ýöne olam iki reňkli
biri gara biri ak, aýt sen bulaň haýsy reňki?
ýalňyz balyk ýaly ýüzýän, öwrenýän kölüňdäki ülkäni
goý deňiz ýuwutsyn indi köňlüňdäki öýkäni
goý teatyrymda oýnasyn ýene gurjaklar
düýşlerime gel, ogşaýyn seni ýene gujaklap
gidenlere goşulma, olar onsuzam çyzylanlar
diňe güleňde görünsin maňlaýyňda çyzyklar
gül gurady, ýöne umytlarym oňa suw berýär
bilseň gyşda_da gün çyksa gar ereýär
seret salam berýär ýene maňa ýekelik
yşga urdurma meni, onsuzam derdim ýeterlik
bugünem eýýäm bahar, seret köp zada janlandy
menden hem şol, söýgiň güýzde jan alany
eştýäňmi akylym? eý janlaryň janany!
saňa rugsat, kakman gir gapymdaky jaňlary
seret suratyňam goşgy bilen çekýän depderimde
ak_gara reňkli, reňklerem ýiten dertlerimde
ellerimden tut, asmana uçaly el tutuşyp
gel ezizim bol maňa ganat, eý guşum
hawa men däli, men seň ugruňda diwana
yşk ugrunda etdiň perişan, boldym perwana
eştýäňmi? içimdäki yşk derdiniň gohuny?
ýene aýdym edip yzyndanam çekerin golumy
sazymy çalsyn bagşy, menem azajyk gürläýin
gitsin sowuk aýazlar, rugsat ber menem indi gülläýin
كلمات أغنية عشوائية
- real muzik sk - lonely كلمات الأغنية
- saudade (bra) - cabeça ruim كلمات الأغنية
- 911 hsw - off it! كلمات الأغنية
- falz - squander كلمات الأغنية
- leevi madetoja - arkihuolesi kaikki heitä كلمات الأغنية
- tate mcrae - falling backwards كلمات الأغنية
- vincent liou - big surf كلمات الأغنية
- timbuktu - viva كلمات الأغنية
- neşet ertaş - aşkın beni del eyledi كلمات الأغنية
- zane reeds - how do i say كلمات الأغنية